«Ýurt abadan — il bagtyýar»: Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy • 🏔️ Köýtendag ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge taýýarlanýar • 🐾 Gaplaňlar bilen selfi düşmek döwri “tamamlandy”
Yza
🐾 Gaplaňlar bilen selfi düşmek döwri “tamamlandy”

Neşir edilen: 13.05.2026

🐾 Gaplaňlar bilen selfi düşmek döwri “tamamlandy”

Tebigatyň iň haýbatly jandarlary hasaplanýan gaplaňlar, soňky ýyllarda syýahatçylykda selfi düşmegiň iň meşhur "gahrymanlaryna" öwrüldi. Emma ýabany jandarlar bilen ýakyndan surata düşmek, hatda olar eldekileşdirilen ýaly görünse-de, hemişe uly howp döredýär. Şol sebäpli Hindistanda 2025-nji ýylyň noýabryndan başlap, bengal gaplaňlary bilen ýakyndan surata düşmek resmi taýdan gadagan edildi.

"Zaman-Türkmenistan" gazetinde bellenilişi ýaly, indi goraghanalara barýan syýahatçylar mobil telefonlary ýa-da fotoapparatlary bilen içeri girip bilmeýärler. Munuň esasy sebäbi, sanly enjamlaryň ýabany jandarlarda gorky we rahatsyzlyk döredip, olaryň tebigy durmuşyna päsgel bermegidir. Hindistanda bu ýagdaý "safari dykylmasy" diýlip atlandyrylýar.

Häzirki wagtda dünýäde bary-ýogy 4 500 töweregi gaplaň galdy we olaryň 70 göterime golaýy Hindistanyň çäklerinde ýaşaýar. Gaplaňlaryň 9 görnüşinden eýýäm Bali, Ýawa we Hazar gaplaňlarynyň nesliniň bütinleý ýitip gidendigi göz öňünde tutulsa, bu täze gadaganlygyň ähmiýeti has-da aýdyň ýüze çykýar. "Nature Safari India" guramasynyň ýolbaşçylary hem sosial media üçin düşürilýän suratlaryň bu seýrek jandarlaryň eldegrilmesizligine howp salýandygyny nygtaýarlar. Şeýlelikde, bu düzgün diňe bir adamlaryň howpsuzlygyny däl, eýsem bengal gaplaňlarynyň tebigy mesgeninde arkaýyn ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.