
Neşir edilen: 13.07.2026
«Ýaşyl diwardan» agaçlaryň hukuklaryna: Ekologiýada täze ädimler
Bag ekmek häzirki döwürde ekologiýa meseleleriniň we howanyň üýtgemeginiň öňüni almakda iň esasy çözgüt bolup durýar. Ylmy açyşlar bolsa ösümlik dünýäsiniň bizi haýran galdyrýan gizlin taraplaryny ýüze çykarýar. Alymlaryň anyklamagyna görä, agaçlar ýerasty kökler we kömelejikler arkaly emele gelýän gizlin ulgam — «tokaý interneti» arkaly özara habarlaşýarlar.
Şu nukdaýnazardan, Kanadanyň Terras-Wodreý atly kiçijik häkimliginde agaçlary belli bir hukuklara eýe bolan janly-jandarlar hökmünde ykrar etmek ugrunda biragyzdan ses berildi. Şeýlelikde, bu häkimlik «Agaçlaryň hukuklarynyň ähliumumy jarnamasyna» resmi taýdan goşulan Kanadadaky ilkinji sebit boldy.
Agaçlar çölleşmäge garşy ählumumy göreşmek bilen baglanyşykly ägirt uly taslamalarda işjeň ulanylýar. Munuň iň aýdyň mysaly hökmünde Hytaýyň Gobi we Taklamakan çölleriniň giňelmeginiň öňüni almak babatda durmuşa geçirýän "Ýaşyl" diwar taslamasyny görkezmek bolar. 1978-nji ýyldan bäri dowam edýän bu taslama laýyklykda, 4500 kilometrlik zolaga 66 milliarddan gowrak bag ekildi we bu işde emeli intellekt hem-de dronlar ýaly döwrebap tehnologiýalar işjeň ulanylýar.
Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyz öz gezeginde bu ugurda dünýä nusgalyk görelde görkezip, her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda köpçülikleýin alnyp barylýan çärelerde millionlarça saýaly hem-de miweli baglary ekilýär. Bu bolsa sebitde täze ekoulgamlaryň emele gelmegine we howanyň üýtgemeginiň öňüni almaga uly goşant goşýar.