📸 Tebigatyň suratlary: Asman täsinliklerinden deňiz düýbündäki ägirt akula çenli • ☀️ Älem bilen tebigatyň sazlaşygy: Ýylyň iň uzyn gündizini garşylaýarys • 🌧️ Howa maglumaty: welaýatlarymyzyň käbirinde ýagyş ýagar, +43°С-e çenli yssy bolar
Yza
Daşoguzda “Ýaşyl gelejek: tebigaty bilelikde goralyň” atly ekofestiwal geçirildi

Neşir edilen: 30.04.2025

Daşoguzda “Ýaşyl gelejek: tebigaty bilelikde goralyň” atly ekofestiwal geçirildi

2025-nji ýylyň 29-njy aprelinde ÝUNESKO-nyň bilimi ekologiýalaşdyrmak boýunça uzak möhletleýin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň hem-de „Global Action Days“ çäreleriniň çäginde Daşoguz şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 26-njy orta mekdebinde „Ýaşyl gelejek: tebigaty bilelikde goralyň“ atly ekofestiwal geçirildi. Çäre ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de „Ýaş tebigatçy“ jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda amala aşyryldy.

Festiwalyň maksady ýaşlarda ekologiýa medeniýetini kemala getirmekden, galyndylary saýlap ýygnamagyň we gaýtadan işlemegiň ähmiýetini düşündirmekden, şeýle hem bilelikdäki ekologik taslamalara höweslendirmekden ybarat boldy.

Mekdebiň okuwçylary çeken suratlary, döredijilikli el işleri we gaýtadan ulanylýan materiallardan ýasan önümleri arkaly daşky gurşawa bolan jogapkärçiliklerini beýan etdiler. Şeýle hem ýaşlar guş höwürtgelerini ýasamakda we milli tagamlary taýýarlamakda öz ukyplaryny görkezdiler. Guramanyň wekilleri mekdebiň ýolbaşçylaryna we mugallymlaryna çäräniň ýokary derejede guralmagyna goşan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdiler. Ekofestiwalyň ahyrynda oňa işjeň gatnaşan okuwçylara we mugallymlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.