
Neşir edilen: 01.07.2026
Hytaýda 50 müňe golaý guş üçin gurluşyk işleri wagtlaýyn duruzyldy
Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Inin şäherinde biodürlüliligi goramagyň ajaýyp nusgasy görkezildi. Bu ýerde 50 müňe golaý alasaryň höwürtge gurmak we nesil öndürmek üçin gurluşyk meýdançasyny saýlap almagy sebäpli, alnyp barylýan işler awgust aýyna çenli wagtlaýynça togtadyldy.

Ýerli häkimiýetler tarapyndan kabul edilen bu karar guşlaryň tomus boýunça jüýje çykaryp, olary parahat ulaltmagyna mümkinçilik berer. Alasarlar esasan oba hojalygyna uly zyýan ýetirýän çekirtgeler we beýleki zyýankeşler bilen iýmitlenýändigi sebäpli, olaryň goralmagyna ekologiýa we oba hojalygy taýdan aýratyn üns berilýär.

Häzirki wagtda guşlaryň asudalygyny üpjün etmek maksady bilen, meýdançada dokuz sany aýratyn höwürtgelik ýer taýýarlanyldy we olar ýörite gorag lentalary hem-de duýduryş belgileri bilen gurşalyp, berk gözegçilige alyndy.