
Neşir edilen: 08.10.2026
Merkezi Aziýa ýurtlary 2026–2027-nji ýyllar üçin suw howdanlarynyň işleýiş tertibini ylalaşdy
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHEHG) Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň 95-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Mejlise Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň suw hojalygy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisi türkmen tarapy gurady, ony Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D. Genjiýew alyp bardy.
Toparyň işine Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri N. Nuržigitow, Özbegistanyň Suw hojalygy ministri Ş. Hamraýew we Täjigistanyň wekili D. Abdurazokzoda gatnaşdy. Mundan başga-da, sebitiň ýurtlarynyň suw hojalyk edaralarynyň, Toparyň Sekretariatynyň, «Amyderýa» we «Syrderýa» suw hojalyk birleşikleriniň, Toparyň Ylmy-maglumat merkeziniň hem-de AHEHG-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri çärä gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda 2026-njy ýylyň wegetasiýa döwründe Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýinlerinde suw alyş limitleriniň ulanylyşynyň we suw howdanlarynyň işiniň netijeleri jemlendi. Taraplar 2026–2027-nji ýyllaryň wegetasiýaaralyk döwri üçin suw paýlanyşy meselelerini we suw howdanlary kaskadlarynyň çaklanylýan işleýiş tertibini ylalaşdylar.
Mejlisde AHEHG-ni esaslandyryjy döwletleriň baştutanlarynyň sammitleriniň çözgütlerinden gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine hem garaldy. Şunda Aral deňzi basseýni boýunça Maksatnamanyň (ADBM-4) durmuşa geçirilişi, suw tygşytlaýjy we sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, suw diplomatiýasyny we ylmy kuwwaty ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.