
Neşir edilen: 22.06.2024
«Eko-arzuwyňy amala aşyr!»: Aşgabatda iň gowy ekologiýa taslamalarynyň awtorlary sylaglandy
2024-nji ýylyň 21-nji iýunynda Aşgabatda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan guralan «Eko-arzuwyňy amala aşyr!» atly ekologiýa taslamalarynyň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşige ýurdumyzyň 14 sany ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden talyplar gatnaşyp, häzirki zaman ekologiýa meselelerini çözmäge gönükdirilen 30-dan gowrak innowasion ideýalary hödürlediler.
Hünärmen eminleriň guralan bäsleşiginiň netijesi boýunça birinji orna we 10 000 manat baýraga Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Gadyr Orazberdyew («Ekomat» taslamasy) mynasyp boldy. Ikinji orny (5 000 manat) S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Gülälek Allagulyýewa, üçünji orny bolsa (3 000 manat) Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Sähet Saryýew eýeledi. Ýeňijilere pul baýraklaryndan başga-da, taslamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam berler.