«Ýurt abadan — il bagtyýar»: Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy • 🏔️ Köýtendag ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge taýýarlanýar • 🐾 Gaplaňlar bilen selfi düşmek döwri “tamamlandy”
Yza
🦢 Bioniki protez leglegi aýaga galdyrdy: Hytaýda geçirilen täsin operasiýa

Neşir edilen: 17.04.2026

🦢 Bioniki protez leglegi aýaga galdyrdy: Hytaýda geçirilen täsin operasiýa

2024-nji ýylda Hytaýyň Týanzin şäherindäki «Güneş nury» ýabany haýwanlary halas ediş merkezine agyr şikes alan seýrek duş gelýän uzak gündogar leglegi getirildi. Guşuň çep aýagy tora çolaşyp, dörän agyr ýokanç keseli sebäpli ony amputasiýa etmeli boldy. THP-niň «Большая Азия» media çeşmesine salgylanyp habar bermegine görä, ýeke aýakly guşuň ýabany tebigatda ýaşamaga hiç hili mümkinçiligi ýokdy.

Leglege kömek etmek üçin merkeziň hünärmenleri ýörite bioniki protez döretdiler. Inženerleriň öňünde çylşyrymly wezipe durdy: olar guşuň diňe bir ýöremegini däl, eýsem uçanda daýanç boljak, gonanda bolsa urgy güýjüni ýumşatjak (amortizator) gurluşy oýlap tapmalydylar. Munuň üçin iň takyk sazlamalary üpjün edýän ýörite mehaniki gurluş ulanyldy.

Şu günlerde leglege bu täsin proteziň soňky nusgasy oturdyldy. Ýokary hilli silikondan taýýarlanylan protez adaty narynç reňke boýalyp, guşuň hakyky aýagyndan tapawutlanmaýar diýen ýaly. Uly kapasa goýberilen guş täze şertlere örän tiz uýgunlaşdy: ol eýýäm protez aýagyna ynamly basyp, hatda daşlaryň üstüne çykanda-da deňagramlylygyny saklamagy başarýar.

Häzirki wagtda hünärmenler «uzyn aýakly näsagyň» dikeldiş tapgyryna ünsli gözegçilik edýärler. Eger uýgunlaşma şeýle şowly dowam etse, leglek ýakyn wagtda ýabany tebigata — öz öýüne goýberiler.