«Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly eko-çärämize gatnaşyň! • «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergisinde «Ýaş tebigatçynyň» stendi uly gyzyklanma döredýär • “Kids Expo” sergisinde “Ýaş tebigatçy” bilen ekologiýa älemine syýahat ediň!
Yza
“Bahar buşlukçylary, ýaş tebigatçynyň obýektiwinde”: Surat bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi

Neşir edilen: 26.04.2024

“Bahar buşlukçylary, ýaş tebigatçynyň obýektiwinde”: Surat bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi

24-nji aprelde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy 7-18 ýaş aralygyndaky çagalaryň we ýaşlaryň arasynda yglan eden “Bahar buşlukçylary, ýaş tebigatçynyň obýektiwinde” atly surat bäsleşiginiň jemini jemledi. Professional fotosuratçylardan we hünärmenlerden ybarat eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, bäsleşigiň ýeňijisi diýlip aşgabatly 8 ýaşly Margarita Samsonowa yglan edildi. Oňa ýörite diplom hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

  • Surat: Margaritanyň bäsleşige hödürlän işi

Guramaçylaryň, ene-atalaryň, çagalaryň we ýetginjekleriň gatnaşmagynda geçen sylaglanyş dabarasyna 50-den gowrak adam gatnaşdy.

«Bu bäsleşigiň döreden uly gyzyklanmasy ýaş nesliň tebigata bolan aýawly garaýşyny görkezýär» — diýip, guramanyň ýolbaşçysy Leýli Şyhmedowa belledi.