Neşir edilen: 09.05.2026
Asmanyň sergisi: reňkli bulutlardan planetalaryň "duşuşygyna" çenli
Dünýäniň dürli künjeklerinde syn edilýän seýrek tebigy we astronomik hadysalar adamlarda uly gyzyklanma döredýär.
Indoneziýanyň Jonggol sebitinde peýda bolan älemgoşar öwüsýän seýrek bulutlar internetde giňden ýaýrady. BMKG agentliginiň meteorology Ida Pramuwardani munuň tebigy hadysadygyny tassyklap, Gün şöhlesiniň howadaky suw damjalary bilen täsirleşmegi netijesinde emele gelendigini düşündirýär.
Asman jisimleri bilen gyzyklanýanlar üçin 18-nji maýda täsin pursat garaşýar. Şol gün agşam Günbatarda inçe Aýyň golaýynda Wenera we Ýupiter planetalary peýda bolar. NASA-nyň habar bermegine görä, Öküzçe ýyldyzlar toplumynda emele geljek bu "duşuşygy" dürbüsiz hem synlap bilersiňiz. 19-njy maýda bolsa Aýyň has ýokary galmagy bilen asmandaky “gözellik” täze görnüşe eýe bolar.