«Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly eko-çärämize gatnaşyň! • «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergisinde «Ýaş tebigatçynyň» stendi uly gyzyklanma döredýär • “Kids Expo” sergisinde “Ýaş tebigatçy” bilen ekologiýa älemine syýahat ediň!
Yza
🦁 Aşgabatdaky Janly tebigatyň milli muzeýine dört sany ýolbars getirildi

Neşir edilen: 21.04.2026

🦁 Aşgabatdaky Janly tebigatyň milli muzeýine dört sany ýolbars getirildi

Gazagystanyň Şymkent döwlet zoologiýa seýilgähinden ýurdumyzdaky Janly tebigatyň milli muzeýine iki sany erkek we iki sany urkaçy ýolbars getirildi. 1,5 müň kilometrlik ýolda ýolbarslaryň asudalygyny üpjün etmek üçin, ýörite lukmançylyk uky serişdeleri ulanyldy.

Muzeýiň hünärmeniniň bellemegine görä, ýolbarslar eýýäm täze şertlere uýgunlaşyp başladylar. Bu ýyrtyjylar ýerli iýmitlere, aýratyn-da täze sygyr etine tiz öwrenişdiler: olaryň her biri bir gije-gündizde ortaça 10 kilogram et iýýär. GDA döwletleriniň haýwanat baglarynyň arasyndaky bu hyzmatdaşlyk seýrek duş gelýän görnüşleriň genetiki dürlüligini gorap saklamakda uly ähmiýete eýedir.