Howa maglumaty: gündizlerine 44 gradusa çenli yssa bolar • Dünýäniň iň owadan sözi diýlip ekologik garaýyşlary aňladýan adalga saýlandy • Kongo tokaýlyklarynda maýmynyň täze görnüşi tapyldy
Yza
Dünýäniň iň owadan sözi diýlip ekologik garaýyşlary aňladýan adalga saýlandy

Neşir edilen: 19.07.2026

Dünýäniň iň owadan sözi diýlip ekologik garaýyşlary aňladýan adalga saýlandy

Halkara eminler topary dünýä dilleriniň arasyndan iň owadan sözi saýlady. «Babbel» dil öwreniş platformasynyň başlangyjy bilen ilkinji gezek guralan bu taslamada, tebigatyň we daşky gurşawyň goragyna ähmiýet berýän termin öňe saýlandy. Täze Zelandiýanyň ýerli halky bolan maorileriň dilindäki, ekologik jogapkärçiligi aňladýan «kaýtiakitanga» (kaitiakitanga) sözi dünýäniň iň owadan sözi diýlip yglan edildi.

Taslamanyň çäginde dürli platformalarda işjeň agzalýan 75 dildäki 223 söz seljerildi. Lingwistlerden, ýazyjylardan we medeniýet bilermenlerinden ybarat bolan eminler topary bu sözleriň ýaňlanyşy bilen bir hatarda, olaryň adamzadyň daşky gurşawa garaýşyna ýetirýän medeni hem-de ekologik ähmiýetine aýratyn baha berdiler.

«Bild» neşiriniň ýazmagyna görä, ýeňiji bolan «kaýtiakitanga» sözüniň başga dillere göni terjimesi ýok. Bu ekologik düşünje adamzadyň tebigaty goramak, ekoulgamy aýawly saklamak we ony geljekki nesiller üçin miras galdyrmak baradaky ahlak jogapkärçiligini aňladýar. Maorileriň dünýägaraşynda adamzat tebigatyň eýesi däl-de, onuň aýrylmaz bölegi hem-de esasy goragçysy hasaplanýar.