
Neşir edilen: 01.10.2024
«Ýaş tebigatçy» ozon gatlagyny goramaga bagyşlanan surat bäsleşigini jemledi
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkeziniň bilen bilelikde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçiren surat bäsleşiginiň ýenijileri yglan edildi. «Ozon gatlagyny gorap saklamak üçin, näme edip bilerin?» diýen tema bagyşlanan bu çärä ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 80-den gowrak özboluşly döredijilik işi gelip gowuşdy. Eminler topary çagalaryň çeken suratlaryna many-mazmun we ekologik garaýşy babatda aýratyn baha berdi.
Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, baş baýraga Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 64-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Arslan Arturow mynasyp boldy. Ikinji orny Aşgabat şäherindäki 7-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Batyr Soltanow eýelän bolsa, üçünji orny paýtagtymyzyň 46-njy orta mekdebiniň okuwçylary Jennet we Merjen Amanowalar mynasyp bolmagy başardylar.
Ýaryşyň ýeňijilerine garamaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle-de, öz zehinini synap gören beýleki işjeň gatnaşyjylaryň hemmesine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylyp, olaryň ekologik başlangyçlaryna ýokary baha berildi.