
Neşir edilen: 19.12.2025
Geljegiň durnukly ösüşi: Körpeleriň ekologik medeniýeti kemala gelýär
Ekologik medeniýeti we daşky gurşawa bolan aňly-düşünjeli garaýşy çagalykdan kemala getirmek – geljegiň durnukly ösüşiniň girewidir. Şeýle maksatdan ugur alyp, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan guralan «Geliň, tebigaty bilelikde goralyň» atly giň gerimli eko-aksiýa üstünlikli tamamlandy. 2025-nji ýylyň dowamynda amala aşyrylan bu ekologik taslama paýtagtymyzyň ellä golaý mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralaryny we orta mekdeplerini öz içine aldy.

Guramanyň hünärmenleri çagalar baglarynda, mekdeplerde myhmançylykda bolup, körpeler üçin ekologiýa dünýäsine özboluşly syýahatlary gurnadylar. Interaktiw görnüşde geçen duşuşyklarda çagalara, başlangyç synp okuwçylaryna daşky gurşawy arassa saklamagyň, ösümliklere we janly-jandarlara aýawly çemeleşmegiň ähmiýeti barada gyzykly gürrüňler berildi.

Bu çäräniň amaly we iň ýakymly bölegi bolsa gurama tarapyndan ýörite taýýarlanan we bir müňe golaý nusgada çap edilen «Geliň, tebigaty bilelikde goralyň» atly reňkli kitapçalar boldy. Körpeler bu kitapçalardaky tebigatyň gözel şekillerini öz hyýal dünýäsine görä reňklendirip, ekologiýa sapaklaryny amaly ukyplar bilen utgaşdyrdylar. Reňkleriň üsti bilen çagalar, okuwçylar ýaşyl dünýäniň gözelligini duýmak bilen çäklenmän, eýsem ony goramagyň mukaddes borçdygyny hem öwrendiler.
Geçirilen bu döredijilikli eko-aksiýa körpe nesliň ekologik aň-düşünjesini irki döwürden kemala getirmekde örän netijeli ädim boldy.