
Neşir edilen: 29.04.2026
🌿 Ekologik özgerişiň täze tapgyry: Aşgabatda «ýaşyl» şäherleri ösdürmegiň konsepsiýalary maslahatlaşyldy
28-nji aprelde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Ýaşyl şäherler ýaşlaryň nazary bilen» atly okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMÖM) we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýurtda energiýa tygşytlylygy we durnukly gurluşyk pudagy üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guraldy.

Bu maslahat ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçilerini hem-de ekologik meýletinçileri bir meýdançada jemledi. Maslahatyň dowamynda ýaşlar we BMÖM-niň bilermenleri durnukly şäher gurluşygyny meýilleşdirmek hem-de ekologik öňdebaryjylygy babatda özara pikir alyşdylar.
Geçirilen çäre ýaş nesliň ekologiýa medeniýetini kemala getirmekde we olaryň ähliumumy howa başlangyçlaryna gatnaşygyny işjeňleşdirmekde möhüm ädim boldy. Gatnaşyjylar döwrebap ekologiýa öçlegleri bilen tanyşmak bilen bir hatarda Türkmenistanyň şäher gurluşygynda durnukly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça öz döredijilikli tekliplerini hödürlediler.