
Neşir edilen: 15.06.2024
«Ýaş tebigatçy» Aşgabatda ekologiýa bäsleşigini geçirdi
2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda Fransuz institutynda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy hem-de «Dizaýn plýus» döredijilik birleşmesi tarapyndan guralan galyndylardan taýýarlanylan onümleriň sergi-bäsleşigi geçirildi. Çäräniň maksady — galyndylar meselesine ünsi çekmek we olary gaýtadan ulanmagyň mümkinçiliklerini görkezmekden ybarat boldy.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 50-ä golaý gatnaşyjy plastikden, kartondan, kagyzdan we matadan taýýarlan üýtgeşik işlerini hödürlediler. Eminler topary iň özboluşly pikir, döredijilik, amaly peýdalylyk, medeni mirasy gorap saklamaga goşant ugurlary we tomaşaçylaryň göwnünden turan iş boýunça ýeňijileri kesgitledi. Iň gowy işleriň awtorlaryna diplomlar we ýadygärlik sowgatlar, gatnaşyjylara bolsa sertifikatlar gowşuryldy.
«Bäsleşige bolan uly gyzyklanma ýaşlaryň ekologiýa meselelerine jogapkärli garaýandygyny we tebigaty goramakda döredijilikli çemeleşmäge taýýardygyny subut edýär» diýip, «Ýaş tebigatçy» guramasynyň başlygy Leýli Şyhmädowa belledi.
Guramaçylar ýakyndan beren goldawlary üçin Fransuz institutyna hem aýratyn minnetdarlyk bildirdiler.