«Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly eko-çärämize gatnaşyň! • «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergisinde «Ýaş tebigatçynyň» stendi uly gyzyklanma döredýär • “Kids Expo” sergisinde “Ýaş tebigatçy” bilen ekologiýa älemine syýahat ediň!
Yza
“Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Neşir edilen: 02.07.2025

“Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Watan” gazetiniň redaksiýasy hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyna goşant goşmak, ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleri gazet sahypalarynda şöhlelendirmek maksady bilen, “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň resmi agzalary öň metbugat sahypalarynda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik makalalaryny, şygyr, kyssa hem-de dürli žanrlarda ýazylan eserlerini bäsleşige hödürläp bilerler. Bäsleşige hödürlenýän işlerde berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, hemişelik Bitaraplygymyzyň sebitiň we dünýäniň parahatçylykly ösüşlerine, halklaryň ynanyşyp ýaşamaklaryna ýetirýän täsirleri, gözel tebigatymyza söýgi hem-de hormat, ýurdumyzda “ýaşyl” ösüşe gönükdirilen işler şöhlelendirilmeli.