
Neşir edilen: 20.03.2026
Kit akulasynyň 1200 kilometrlik syýahaty anyklandy
Tebigaty öwrenijiler ýaş kit akulasynyň Madagaskar adasyndan Seýşel adalaryna çenli bolan 1200 kilometrlik aralygy ýüzüp geçendigini subut etdiler.
Uzak ýyllaryň dowamynda alymlar bu ägirt jandarlaryň şeýle uzak aralyga hereket edýändigine şüphelenýärdiler. Hünärmenler 2019-njy ýylda Madagaskaryň golaýynda surata düşürilen akulanyň, geçen ýyl Seýşel adalarynda peýda bolan şol bir jandardygyny anykladylar.
Şu ýerde bir zady bellemek gerek: Edil adamyň barmak yzy ýaly, kit akulalary hem daşynyň menekleri bilen biri-birinden tapawutlanýar. Boýy 20 metre, agramy 20 tonna ýetýän bu jandarlar diňe planktonlar bilen iýmitlenýärler we adamlar üçin howpsuzdyr. Seýşeller Respublikasynda bu jandarlaryň awlanmagy 2003-nji ýyldan bäri çäklendirilýär.
Bu ylmy açyş deňiz jandarlaryny gorap saklamakda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini ýene bir gezek görkezdi. Barlagyň netijeleri baradaky makala «Oryx» (The International Journal of Conservation) žurnalynda çap edildi.