«Ýurt abadan — il bagtyýar»: Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy • 🏔️ Köýtendag ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge taýýarlanýar • 🐾 Gaplaňlar bilen selfi düşmek döwri “tamamlandy”
Yza
🌲 Zerewşan arçasy

Neşir edilen: 04.05.2026

🌲 Zerewşan arçasy

Ýurdumyzyň daglaryny bezeýän agaçlaryň arasynda arçalar dag ekoulgamynyň sazlaşygyny emele getirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Diýarymyzda arça agajynyň iki görnüşi tebigy ösýär. Köpetdagyň dag gerişlerine türkmen arçasy, Köýtendaga bolsa zerewşan arçasy bezeg berýär. Türkmen arçasy Köpetdag-Horasan daglarynyň endemigi bolup, ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň dördünji neşirine girizildi. Pamir-Alaý dag ulgamynyň görnüşlerine degişli bolan žerewşan arçasy bolsa Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň ösümlik dünýäsiniň gymmatly daragtlarynyň biridir.

Zerewşan arçasy Köýtendagyň dag gerişlerinde ýaýrandyr. Şeýle hem ol bu dagyň esasy tokaý emele getiriji daragtydyr. Dag gerişlerinde, derelerinde zerewşan arçasyndan başga-da, grek hozy, ýabany üzüm, kawkaz dagdany, injir, sütükli kerkaw, buhara badamy, tikenek badam, eýran üçgaty we başga-da birnäçe daragtlar hem-de gyrymsy agaçlar gabat gelýär.

Dagda zerewşan arçasynyň dürli ýaşdakylaryny görmek bolýar. Olaryň täze gögeren düýplerine hem gözüň düşýär, şeýle-de köp ýyllaryň dowamynda tebigatyň dürli şertlerine uýgunlaşyp, gojaman ýaşa ýetenleri hem agdyklyk edýär. Şeýle uzak ýaşly arçalar goraghananyň «Helpebaba» we «Maýdan» diýilýän ýerlerinde duş gelýär. Arçalaryň uzak ýaşan käbir düýpleriniň aşagynda oturanyňda, olaryň tomsuň jöwzasyndan, hatda güýçli ýagyşly, sowuk howadan goranmakda hem peýdasynyň uludygyna göz ýetirýärsiň. Arça agajynyň ýabany haýwanlar üçin ähmiýeti-de bellärliklidir. Guşlaryň birnäçe görnüşi arça agajynyň üstünde höwürtge gurýar, şeýle hem onuň ýaşylja pürleri we tohumlary käbir haýwanlar üçin iýmit gory bolup hyzmat edýär.

Zerewşan arçasynyň ýokarlygyna ýaýramagynyň çägi deňiz derejesinden 2 müň 650 metr belentliklerden hem gowrakdyr. Esasy ýaýrawy — ýarym sawannaly, çagylly dagüsti baýyrlar. Ol ýerlerde ýassykpisint göwen astragallary, kuhistan we Newskiniň çomuçlary, sütükli kerkaw, Regeliň armydy, buhara badamy ýaly ösümlikler bar.

Goraghananyň çäginde ýaýran ösümlikleriň we ýabany haýwanlaryň görnüşlerini ylmy tarapdan öwrenmek we gorap saklamak boýunça geçirýän ylmy barlaglarymyzda her bir ylmy işgäriň ylmy ugurlary bolýar. Meniň esasy alyp barýan ylmy gözegçiligim zerewşan arçasyny we başga agaçlary ösdürip ýetişdirmegiň usulyýetlerini özleşdirmek bilen, goraghananyň çäginde olaryň sanyny dikeltmek boýunça tejribe-synag işlerini geçirmekden ybarat. Ýylyň dowamynda zerewşan arçasy boýunça meýdanlarda ylmy barlaglary geçirmek bilen, daragtyň ösüş ýagdaýy, güllemegi, tohum getirijiligi, zyýanly mör-möjekleri we başga-da köp maglumatlar öwrenilýär. Käbir ýyllarda arça agajynyň tohum getirijiligi ýokary bolsa, käte howa şertlerine baglylykda, tohum getirijiligi pes ýagdaýda boýar.

Güýz aýlary arçanyň hasylly düýplerinden doly ýetişen tohumlary ýygnaýarys. «Köýtendag» döwlet tebigy goraghanasynyň «Hojaýpil» çäkli goraghanasynyň meýdanynda ýaş arçalar agdyklyk edýär. Şonuň üçin hem tohum saýlananda çäkli goraghananyň meýdanlaryndan saýlanyp ýygylýar. Soňra tohumyň daşky gabygy aýrylyp, ekişe taýýarlanýar. Arça tohumy ekilende, dürli usulyýetler boýunça synag işleri geçirildi, meýdanlarda ýaýran arça agaçlarynyň düýplerinden çüýrüntgiler hem ulanylyp ekildi. Şeýle hem ekilende biogumus ulanylyp görüldi. Ylmy işimizde dürli usulyýetleri ulanmak maksady bilen, beýleki goraghanalaryň hem tejribeleri öwrenilýär.

«Köýtendag» döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda ýetişdirilýän zerewşan arçasynyň şitilleri dürli meýdanlara göçürilýär, şeýle hem ýaşajyk arçalaryň ýagdaýy gözegçilikde saklanýar. Bu gymmatly daragty ösdürip ýetişdirmekde raýatlaryň arasynda hem wagyz-nesihat işlerini geçirýäris. Köýtendagyň tebigaty bilen tanyşmaga gelýän syýahatçylaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Esasan-da, Hojaýpildäki asyrlaryň dowamynda saklanyp galan paleontologik ýadygärlik bolan dinozawrlaryň aýak yzlary galan tekizlik köp adamly ýerleriň biridir. Dinozawrlaryň yzlarynyň belent tekizligine tarap ýodalar bilen ýörelende, arça agaçlaryna gözüň düşýär. Goraghananyň ylmy we gorag bölümleriniň işgärleri syýahatçylara dag daragtlarynyň ähmiýeti, olaryň goralmagy barada gürrüň berýärler. Ýodalaryň ugrundaky agaçlaryň, ýaşajyk arçalaryň düýplerine suw guýmagyň ähmiýeti baradaky gürrüňler bolsa raýatlarda uly täsir galdyrýar.