Ählihalk bag ekmek dabarasynda 611 müňden gowrak nahal ekildi • Panamada dünýäniň iň ownuk ýaprakly agajy tapyldy • Howa maglumaty: Nowruzdan soň gyş bolmaz...
Yza
Zenan bilen tebigat

Neşir edilen: 16.03.2026

Zenan bilen tebigat

Dogrudan-da, bahar paslynda pyntyklap başlan baglary, täze açylan gülleri we beýleki gözel görnüşleri bilen tebigat ýaşyl ýaşaýşyň goýnunda, ene ýeriň üstünde şahyryň: Bu barlyk gözeldir daglary bilen, Durmuş güllär hoşwagt çaglary bilen, Ýaňy pyntyk ýaran baglary bilen, Tebigat toý tutýar bahar gelende — diýip beýan edişi ýaly, toý tutýan ýaly duýulýar. Güýzde ýapragyny döken baglaryň ýaňadandan gülläp açylmagy ynsanlaryň dünýäsinde täze-täze özgerişlikleri döredýär. Beýle ajaýyp pursatlarda her bir adam hyýaly dünýäsinde ýaşlygyna dolanýan ýaly, barha juwanlaşýan ýaly duýgulary başdan geçirýär. Muny şahyr goşgy setirleriniň üsti bilen, «Baharyň işi» diýip düşündirýär. Çünki tebigatdaky bolup geçýän özgerişlikler, ýaşajyk agaç nahallary eýjejik çagalarymyz ýaly, gözüňe mähriban, yssy görünýär. Olary suwaryp, ideg edip, bahym gülläp oturan baglaryň hataryna goşasyň gelýär. Şol pursatda-da öz ýanyňdan «Ynsan bilen tebigatyň arasynda meňzeşlik bar» diýeniňi duýman galýarsyň. Tebigatdaky bu özgerişlikler, dogrusy, ähli adama täsir edýär. Onuň şol sanda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň hem her bir işgärini, galyberse-de, agzalaryny begendirýändigini buýsanç bilen aýdasym gelýär. Çünki ýaşlaryň ýüreginde tebigata söýgi oýaryp, olary bag ekmek ýaly sogaply işlere ugrukdyrmakda «Ýaş tebigatçy» guramamyz uly işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň diňe bir ýaz paslynda däl, eýsem, ähli pasyllarda hem al-ýaşyl öwsüp oturmagynda biziň jemgyýetçilik guramamyzyň hem uly paýy bar. Şonuň üçinem owadan gülleri synlap, guşlaryň saýraýan seslerini diňläp, baharda tebigat bilen bilelikde biziň hemmämizem toý tutýarys. Şeýle toýlaryň, ýagny dabaraly çäreleriň biri golaýda guramamyzyň geçirmeginde Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda bolup geçdi. Baharyň ilkinji günlerinde geçirilen «Zenan we tebigat» atly bu döredijilik duşuşygymyz aýdym-saza we joşgunly çykyşlara beslendi. Çünki dowamat dowam bolup durýan eýjejik çagajyklarymyzy dünýä inderýän mähriban zenanlarymyz bilen tebigatyň arasynda uly sazlaşyk, meňzeşlik bar. Ikisem döredijilik ukybyna eýe. Şeýledigi üçin özümize agza bolup gelýän ýaşajyk tebigatçylara guwanyp, ilki bilen, olary dünýä inderen enelere — zenanlara sagbolsun aýdýarys. Goý, tebigat bilen ynsanlaryň arasyndaky sazlaşyk öňküdenem dabaralansyn! Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!