«Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly eko-çärämize gatnaşyň! • «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergisinde «Ýaş tebigatçynyň» stendi uly gyzyklanma döredýär • “Kids Expo” sergisinde “Ýaş tebigatçy” bilen ekologiýa älemine syýahat ediň!
Yza
Asman näme üçin göm-gök bolup görünýär?

Neşir edilen: 18.03.2026

Asman näme üçin göm-gök bolup görünýär?

Gündizine başymyzy ýokary galdyranymyzda, dury hem-de gök asman guşagyny görýäris. Eýsem, asman bu gök öwüsýän reňki nireden alýarka? Munuň syry Gün şöhlesiniň "jadyly" häsiýetindedir. Gün şöhlesi ak ýaly görünse-de, aslynda ol älemgoşaryň ähli öwüşginlerini özünde saklaýar. Şöhleler Ýeriň atmosferasyna aralaşanda, howadaky gaz molekulalary we tozanjyklar bilen çaknyşýar. Şol pursatda gök we mawy reňkler beýlekilere görä has güýçli dargaýar we tutuş asmana ýaýraýar. Şonuň üçin hem asman bize uly bir gök reňkli gümmez ýaly bolup görünýär.