«Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly eko-çärämize gatnaşyň! • «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergisinde «Ýaş tebigatçynyň» stendi uly gyzyklanma döredýär • “Kids Expo” sergisinde “Ýaş tebigatçy” bilen ekologiýa älemine syýahat ediň!
Yza
Şäherimizi bezeýän agaçlar: Gündogar tuýasy, eldar sosnasy we arizon serwisi ýaly agaçlary nädip tapawutlandyrmaly?

Neşir edilen: 01.08.2026

Şäherimizi bezeýän agaçlar: Gündogar tuýasy, eldar sosnasy we arizon serwisi ýaly agaçlary nädip tapawutlandyrmaly?

Köpümiz köçelerde, seýilgählerde ýa-da öýlerimiziň töwereginde ekilen baglaryň atlaryny çalyşýarys ýa-da hemmesine meňzeş agaç hökmünde garaýarys. Emma şäheriň görküne görk goşýan bu agaçlaryň her biriniň özüne mahsus aýratynlyklary, boýy, ömri, hatda adam saglygyna ýetirýän peýdasy boýunça uly tapawutlary bardyr. Ony bilmek daş-töweregimizde duş gelýän tebigat gözelliklerini ýakyndan tanamaga we olaryň ähmiýetine has düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär.

Gündogar tuýasy özüniň çalt ösüşi we owadan görnüşi bilen tapawutlanýan agaçlaryň biridir. Bu agajyň boýy, köplenç, bäş metrden on metre çenli ýetýär. Onuň meşhurlygynyň iň uly sebäplerinden biri hem şahalarynyň islän bezeg şekiliňi bermäge amatly bolmagydyr. Şol sebäpli bagbanlar ony seýilbaglary bezemekde giňden ulanýarlar.

Tuýanyň iň esasy aýratynlygy fitonsidleri, ýagny bakteriýalara we mikroblara garşy göreşýän tebigi maddalary bölüp çykarmagydyr. Şeýlelikde, gündogar tuýasy daşky gurşawyň howasyny mikroblardan arassalaýjy “tebigy süzgüç” bolup durýar.

Eldar sosnasy uly seýilgähleriň we şäher köçeleriniň iň beýik hem-da gür saýaly agaçlarynyň biri hökmünde tanalýar. Onuň inçe pürleri iňňe ýaly syh-syh bolup, beýleki agaçlardan özboluşly keşbi bilen derrew tapawutlanýar. Bu agaç örän kuwwatly ösüşe eýe bolup, boýy ýigrimi metre çenli ýetip bilýär we ýüz elli ýyl töweregi ýaşaýar.

Eldar sosnasy adam saglygyna ýetirýän oňyn täsiri bilen hem meşhurdyr. Pürlerinden bölünip çykan peýdaly maddalar sebäpli sosnanyň kölegesinde gezelenç etmek dem alyş ýollary üçin örän peýdaly hasaplanýar.

Arizon serwisi özüniň özboluşly reňki we ýakymly ysy bilen derrew ünsüňi çekýän agaçdyr. Boýy on bäş metre çenli ýetýän bu gögümtil-ýaşyl reňkli agaç ýylylyk söýüji häsiýeti bilen tapawutlanýar. Onuň asyl watany Günorta-Günbatar Amerika we Meksika töwerekleri hasaplansa-da, ol biziň şäher şertlerimize örän gowy uýgunlaşandyr.

Köçelerimizi gyralarynda hatar-hatar ekilen arizon serwileri şäher binagärligine aýratyn görk berýär. Şäher şertlerine we yssa çydamlylygy sebäpli ol ýaşyl zolaklary döretmekde we köçeleri bezemekde iň köp ulanylýar agaçlaryň biridir.

Indi siz hem köçede gezelenç edeniňizde bu üç agajy aňsatlyk bilen tapawutlandyryp bilersiňiz.