📸 Tebigatyň suratlary: Asman täsinliklerinden deňiz düýbündäki ägirt akula çenli • ☀️ Älem bilen tebigatyň sazlaşygy: Ýylyň iň uzyn gündizini garşylaýarys • 🌧️ Howa maglumaty: welaýatlarymyzyň käbirinde ýagyş ýagar, +43°С-e çenli yssy bolar
Yza
🌳 Miwe berýän iň garry agaç

Neşir edilen: 17.04.2026

🌳 Miwe berýän iň garry agaç

Gresiýanyň Krit adasynda ýerleşýän Ano Wuwes obasyndaky zeýtun agajy dünýäde miwe berýän iň garry daragt hasaplanýar. Goralyp saklanýan gadymy agajy görmek üçin her ýyl 20 müň töweregi adam barýar. Ýabany bitýän zeýtun agajyna sapylan ösümligiň şahalarynyň ýaýrawy 12,5 metre, baldagynyň diametri 4,6 metre barabar. Alymlar zeýtunyň anyk ýaşyny bilmegiň mümkin däldigini belleýärler. Sebäbi agajyň esasy sütüni birnäçe asyr ozal çüýräpdir. Onuň ýerine täze şahalaryň çykmagy bilen daragt bütinleý guraman, saklanyp galypdyr. Daragtyň «täze» çykan şahasynyň ýaşynyň 2 müň ýyllykdygy bellenilýär.

Tokaý ýangyny, ýertitreme, güýçli harasat ýaly tebigy hadysalary başdan geçirendigine garamazdan, agaç henize çenli guraman, miwe bermegini dowam edýär. Bu obada diňe zeýtun agajy däl, 4 asyrdan bäri miwe berýän üzüm hem bar.