
Neşir edilen: 03.09.2026
Telpek akasiýa we glediçiýa: Olary nähili tapawutlandyrmaly?
Şäherimiziň seýilgählerinde, köçeleriň gyralarynda we binalaryň öňünde owadanlygy bilen gözüňi dokundyrýan agaçlara köp duş gelmek bolýar. Olaryň her biriniň özboluşly aýratynlygy we ady bar.
Çagalykdan hemmämize mälim bolan «söýýär-söýenok» oýnuny oýnaýan ýapragymyz, köplenç, akasiýanyň ýapragydyr öýdülýär. Aslynda ol glediçiýa agajynyňkydyr. Glediçiýanyň güýz aýlarynda şahalarda şemala şakyrdaşýan, gabygynyň uzynlygy 20–40 santimetre ýetýän noýba meňzeş “miweleri” bolýar.
Gözelligi bilen tapawutlanýan agaçlaryň birem telpek akasiýadyr. Ylmy ady — Robinia pseudoacacia 'Umbraculifera'. Bu agaç adaty ak akasiýanyň sütünine sapmak arkaly ösdürilýär.
Telpek akasiýanyň boýy 3–5 metre ýetip, uzynlygy 25 santimetre ýetýän çöpjagazlarynda 20-ä golaý ýaşyl ýaprajyklary bolýar. Ony beýleki agaçlardan tapawutlandyrýan esasy aýratynlygy — tebigy taýdan şar şekilli gür "telpege" eýe bolmagydyr. Ýapraklary örän gür ösýändigi üçin, dik sütüniň üstüne ýörite telpek geýdirilen ýaly owadan görünýär. Ýene bir bellärlikli tarapy, şeýle togalak şekil agaçda ýörite gyrkylmazdan, tebigy ýagdaýda emele gelýär.
Öziniň ajaýyp görnüşi we tebigy gözelligi sebäpli telpek akasiýa seýilgählerimizi we köçelerimizi bezeýän bezeg agaçlarynyň biridir.