
Neşir edilen: 19.07.2026
Adaty meýne we onuň ekoulgamdaky orny
Bu guşuň ady – adaty meýne. Çykarýan sesi üçiň ol jakyrryk, jokjoky diýlibem atlandyrylýar.
Boýy bary-ýogy 23–28 santimetr aralygynda bolup, agramy hem 80-den 140 grama çenli ýetýär. Onuň göwresi goňur, ýöne kellesi we boýny gara reňkde. Gözleriniň töwereginde bolsa sary zolaklar bar. Guşuň çüňki hem sary bolup, uçanda ganatlaryndaky uly ak tegmiller gözüňe ilýär.
Meýnäniň asly Günorta Aziýadan, ýagny Hindistan we Päkistan taraplardan gelip çykýar. Ýöne häzirki wagtda ol diňe bir biziň sebitimizde däl, eýsem Awstraliýada we Afrikada hem giňden ýaýrady.
Meýneler mör-möjekleri, esasanam ekinlere zyýan berýän çekirtgeleri iýip ýaşaýarlar. Diňe bir meýne jübüti bir ýylda 150 müňe golaý zyýanly mör-möjegi ýok edip bilýär!
Ylymda bu guşa Acridotheres tristis diýilýär.