
Neşir edilen: 23.04.2026
Tebigatyň bir sekundy: Göz açyp-ýumasy salymda nämeler bolup geçýär?
Seniň üçin bir sekunt näme? Diňe bir göz açyp-ýumasy salymmy? Emma tebigat üçin bu ägirt uly pursat!
Her sekuntda Günüň içinde 4 million tonna madda energiýa öwrülip, älem giňişligine ýaýraýar. Şol bir wagtda Ýer şary Günüň daşynda 30 kilometr ýol geçýär.
Şu pursatda, dünýäniň iň çalt ösýän ösümligi bambuk 0,001 santimetr boý aldy. Ertire çenli ol 1 metrlik ösümlik bolar. Awyna okdurylyp barýan leopard bolsa eýýäm 17 metri yzda galdyrdy!
Sekuntda Ýer ýüzüne ortaça 100 ýyldyrym düşýär. Ummanlardan 14 million tonna suw bugaryp, asmana göterilýär. Planetamyz bolsa 2000 tonna kömürturşy gazyny siňdirip, bize kislorod berýär.
Sen bu sözlemi okaýançaň, bal arysy ganatyny eýýäm 230 gezek kakdy, Ýer ýüzünde bolsa 4300 sany täze janly-jandar dünýä indi.
Görýäňmi, dostum, dünýädäki her bir sekunt — uly üýtgeşme, yzygiderli hereket. Sen bolsa gowy başlangyçlar üçin "wagtym ýok" diýýärsiň.
Pursadyň gadyryny bil we täze ädimleriňe şu sekuntdan başla!