
Neşir edilen: 19.07.2026
Tebigatyň näzik bezegi: Leýlisaç we onuň tebigy syrlary
Bu agaja alymlar — Salix babylonica diýýärler.
Onuň boýy 10–15 metre ýetýär. Agajyň inçe ýapraklarynyň uzynlygy bolsa 9–16 santimetre çenli bolýar. Asly Hytaýdan gaýdan hem bolsa, häzirki wagtda Aziýadan başlap Ýewropa, hatda Amerika çenli giňden ýaýran. Ol güýçli kökleri bilen derýalaryň we howdanlaryň kenarlarynyň topragyny süýşmekden goraýar, hatda şorlaşan topraklary hem arassalaýar.
Onuň gabygynda aspiriniň esasy bolan salisin maddasy bar we ol gadymdan bäri agyry aýryjy hökmünde ulanylýar.
Rowaýata görä, akar suwuň boýunda uzyn saçlaryny ýuwup oturan söwer ýaryny gören aşyk utanyp yzyna dönýär. Soňra dolanyp gelende, gyzyň ýerinde şahalaryny edil şol gözeliň uzyn saçlary ýaly suwa sallap duran owadan agajyň gögerip oturandygyny görýär.