Ählihalk bag ekmek dabarasynda 611 müňden gowrak nahal ekildi • Panamada dünýäniň iň ownuk ýaprakly agajy tapyldy • Howa maglumaty: Nowruzdan soň gyş bolmaz...
Yza
Tebigata söýgi – Watana söýgi

Neşir edilen: 16.03.2026

Tebigata söýgi – Watana söýgi

Güneşli Diýarymyzyň haýsy künjegine barsaňyz, tebigatyň täsin sazlaşygyny görersiňiz. Şol sazlaşygy gorap saklamak we geljek nesillere miras goýmak — bu biziň her birimiziň baş maksadymyz. Daşky gurşawy goramak we tebigata aýawly garamak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda bu babatda alnyp barylýan işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ýaş nesilleriň kalbynda ata Watanymyzyň gözel tebigatyna bolan söýgini artdyrmakda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy hem özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Gurama 2022-nji ýylyň güýzünde döredildi. Onuň esasy maksady ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge goşant goşmakdan we tebigaty goramak barada ilaty, esasanam, ýaşlary habarly etmekden, tebigy baýlyklary, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakdan, dikeltmekden, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmakda ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamakdan we olary höweslendirmekden ybarat bolup durýar. «Ýaş tebigatçy» özüniň döredilen gününden bäri daşky gurşawy goramak çäreleriniň, okuw-maslahatlarynyň, goraghanalara gezelençleriň birnäçesini gurady. Şeýle hem öz ugry boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edip gelýär. «Bir nahal ekseň, ýaşyň bakydyr» diýen pähime eýermek bilen, gurama tarapyndan ýurdumyzyň çäginde bag nahallarynyň müňlerçesi oturdyldy. Buýsandyryjy wakalara baý bolan 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly gurama üçin üstünlikli ýyllaryň biri boldy. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty bilen bilelikde ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilen orta mekdepleriň birnäçesinde ekologiýa festiwallarydyr hepdelikleri geçirildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen Ýaşlar forumynda ýurdumyzda ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek we olarda tebigata aýawly garaýşy terbiýelemek baradaky teklipleri bilen çykyş etdi. «Ýaş tebigatçy» BMG-niň ýurdumyzda hereket edýän düzüm birlikleri bilen hem işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunda Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde paýtagtymyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Ozon we klimat» atly ylmy-döredijilik bäsleşigini bellemek ýakymly. Geçen ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Watan» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde «Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Onuň esasy maksady ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleri döwürleýin neşirlerde şöhlelendirmekden ybarat boldy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanjak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy ýaşlaryň arasynda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda wagyz-nesihat çärelerini, dürli döredijilik bäsleşiklerini we duşuşyklary guramagy dowam eder. Şeýle hem şu ýylyň dowamynda gurama tarapyndan ýaşlaryň arasynda ekologiýa meselelerine bagyşlanan forumy geçirmek meýilleşdirilýär. Her bir maşgalada çaga terbiýesinde, onuň daşky gurşawa akyl ýetirmeginde enäniň orny uly bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan, şu ýylyň dowamynda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça wagyz-nesihat çärelerini ýaş eneleriň arasynda köpräk guramaga has hem üns bermek göz öňünde tutulýar. Bedew batly ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!