Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy • Howa maglumaty: “Guý, ýagyş! Eziber tallaň saçlaryn...” • Guşlar dünýäsine syýahat
Yza
Jümjüme

Neşir edilen: 12.04.2026

Jümjüme

(Тymsal)

Bahar jümle-jahany gül-gülälek bilen bezäp çykanda, tokaýyň gyrasyndaky açyklykda jümjüme-de peýda boldy. Ol töwerek-daşy işdämenlik bilen synlap oturyşyna öz ýanyndan: «Bu dünýä nähili owadan» diýip pikir etdi. Şol wagtam onuň gözi argyn halda zordan ýöräp gelýän aýa düşdi.

— Halyň gaty teň görünýär-le? — diýip, jümjüme oňa habar gatdy.

— Aý, gyş halys uzaga çekdi. Ýatyp-ýatyp tutuş süňňüm gurşup gidipdir — diýip, aýy jogap berdi-de, geçip gitdi. Sähel wagtdan bir ýerlerden horlugyndan ýaňa süňkleri çykyşyp duran möjek çykdy.

— Ýagdaýlar niçik? — diýip, töweregiň gözelliginden lezzet alyp oturan jümjüme oňa-da habar gatdy.

— Göreňokmy, gyş halys agyr gelip, günüň-gününe açlyk çekdim. Indi bir ýagdaý gowulaşaýmazmyka — diýip, möjegem aşak bakyp barşyna geçip gitdi.

Jümjümäniň içi gysyp, gapdalda duran dub agajyna habar gatdy:

— Seniňem-ä ebtiň agypdyr. Şahalaryň döwük-döwük bolupdyr. Gabyklaryňda-da abat ýer ýok.

— Gyşyň goýan yzy-da — diýip, dub gussaly jogap berdi. — Üstümiň gary aýrylmansoň, agyrlygy göterip bilmän, şahalarymyň köpüsi döwüldi. Gabyklarymam tokaýyň aç jandarlary sypyryp taşladylar.

Şondan soň jümjümäniň hiç kim bilen gürleşesi gelmedi. «Kime habar gatsam, zeýrenip, bar günänem gyşyň üstüne atýar — diýip, ol içini gepletdi. — Bu meýdana birinji gezek gelip göremog-a. Her ýylam gelýän welin, men-ä gyş diýilýäni ýeke gezegem göremok. Toslama-la bularyň bar aýdýany, gyş diýip tapaýýarlar bir zady. Biz-ä her ýyl gelenimizde, owadan bahardan başga zat göremzok. Aýyňk-a düşnükli: ýeriňden galman, işsiz ýatsaň aç borsuň-da. Möjegiňem bir ýerde durman selkildäp ýörensoň, iýeni endamyna siňýän däldir. Bu garry dubam bar zady toslap tapan gyşynyň üstüne atyp otyr. Garrylykdan ýaňa ysgynyň bolmasa, şahalaň döwler-dä. Gabyk galjakmy bu ýaşdan soň — diýip, jümjüme başyny ýaýkady. — Özlerinden barysy. Ondan-a töwerege seredip, wagtyňyz barka gözellikden lezzet alyň».

Jümjüme şeý diýip, ýene-de dürli reňkli güllere beslenip oturan meýdana seretdi. Şol wagtam onuň gözi äwmezlik bilen gäwüşäp, ot diýmän, gül diýmän, ýalmap-ýuwudyp, özüne tarap golaýlap gelýän sygyrlara düşdi.