
Neşir edilen: 11.04.2026
Guşlar dünýäsine syýahat
Güneşli Diýarymyzyň dürli görnüşli guşlara baý tebigaty bar. Şol guşlaryň belli bir görnüşi sebitde hemişelik ýaşaýan guşlardyr. Olaryň beýleki bir bölegi bolsa amatly ýaşaýyş şert, iýmit gözläp dürli ýurtlarda, sebitlerde uçup-gonup, gyşlap, höwürtgeläp ýaşaýarlar.

Amyderýanyň orta akymynda duş gelýän guşlar ýaşaýyş häsiýetleri boýunça hemişelik ýaşaýan, uçup gelip, höwürtgeleýän, gyşlaýan, tomusda gelip ýaşaýan, uçup geçýän, tötänlikde uçup gelýän görnüşlerden ybaratdyr. Geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde duş gelýän guşlaryň sanawy düzülip, olaryň 18 topara, 52 maşgala degişli 265 görnüşden ybaratdygy anyklanyldy.

Goraghananyň çäginde duş gelýän guşlaryň 28 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Olar seýrek duş gelýän guşlardyr. Olaryň arasynda gyrgylar maşgalasyna degişli 6 görnüş: ýylançy gyrgy, sähra garaguşy, mazar garaguşy, bürgüt, uzynguýruk suw bürgüdi, gajar; laçynlar maşgalasyna degişli 3 görnüş: ütelgi, laçyn, sähra göwenegi; toklutaýlar maşgalasyndan 3 görnüş: toklutaý, bezbeltek, togdary bardyr.

Kelif döwlet tebigy çäkli goraghanasynda hem guşlaryň 220-den gowrak görnüşi duş gelýär. Göçüş döwründe uçup geçýän guşlaryň ýolunda ýerleşýändigi üçin bu goraghana guşlaryň köp görnüşini özüne çekýär. Ol suwda ýüzýän we suwly-batgaly ýerde ösüp örňeýän guşlaryň müňlerçesi üçin göçüş döwründe düşläp geçýän, gyşlaýan, höwürtgeleýän döwürlerinde dynç alýan we iýmitlenýän ýeri bolup hyzmat edýär. Göçüş döwründe uçup geçýän guşlaryň 74 görnüşi bu suwlarda düşläp, dynç alyp, iýmitlenip geçýärler. Olardan gyzylgaz, sähra garaguşy, sähra göwenegi, togdary, toklutaý Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Çäkli goraghananyň çäginde guşlaryň 97 görnüşi gyşlaýar. Olaryň 46 görnüşi höwürtgeleýän guşlardyr. Bu ýerde gyşlaýan, suwda ýüzýän we suwuň töwereginde ýaşaýan guşlaryň görnüşleri we olaryň sany her ýyl üýtgäp durýar. Kä ýyllarda guşlaryň umumy sany 75-80 müňe ýetýär. Olaryň arasynda ördekleriň dürli görnüşi, sakarbaraklar, çarlaklar, uly jüptünler, gogurlar, gazlar köpsanlydyr.

Ülkämiziň dürli görnüşli guşlaryň mesgenine öwrülmegi — bu ýurt asudalygynyň, abadançylygynyň nyşanydyr. Hut şeýle bolansoň hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň haýwanat dünýäsiniň goralmagy, öwrenilmegi we baýlaşdyrylmagy babatda netijeli işleri durmuşa geçirýär we bu ugurda iş alyp barmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Munuň üçin biz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.