«Ýurt abadan — il bagtyýar»: Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy • 🏔️ Köýtendag ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge taýýarlanýar • 🐾 Gaplaňlar bilen selfi düşmek döwri “tamamlandy”
Yza
Buýra saçly guş

Neşir edilen: 28.03.2026

Buýra saçly guş

Amazonka tokaýlary özüniň ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen köpleri haýran galdyrýar. Günorta Amerikada ýerleşýän ägirt uly ýaşyl meýdanda janly­jandarlaryň, şeýle hem guşlaryň müňden gowrak görnüşi duş gelýär. Amazon tokaýynda totularyň, bürgütleriň we owadan sesli kiçijik guşlaryň täsin görnüşleri ýaşaýar. Şeýle guşlaryň biri hem buýra saçly arasari (Pteroglossus beauharnaesii) hasaplanýar. Tukanlar maşgalasyna degişli bolan kiçijik guş Amazon basseýninde (Braziliýa, Boliwiýa, Peru) ýaşaýar. Bu guşuň esasy aýratynlygy onuň kellesindäki buýra saçlarydyr. Arasariniň plastika meňzeş garamtyl burma tüýleri ony göýä gözellik salonyndan çykana meňzedýär.

Buýra saçly guşlaryň döşi sarymtyl, arkasy gyzyl, ganaty we guýrugy garamtyl reňkde bolýar. Banana meňzeş uly çüňki bolan bu guşuň göwresiniň uzynlygy 40-­46 santimetre, agramy 160-­280 grama ýetýär. Owadan guşlar tropik tokaýda topar bolup ýaşaýarlar. Her toparda 3­12 guş bolýar. Esasy iýmiti miwe bolan bu guşlar käte mör­möjek, ýumurtga we kiçijik süýrenijileri hem iýýärler. Kiçijik tukanlar 18 ýyla çenli ýaşaýarlar. Arasari totular ýaly gepläp bilmeýär, «rrek», «grenk» ýaly sesleri çykaryp, biribiri bilen habarlaşýarlar.

Ilkinji gezek 1831-­nji ýylda nemes tebigaty öwrenijisi Iogann Georg Wagler tarapyn dan köpçülige mälim edilen buýra saçly arasari 2020-­nji ýylda aýratyn görnüş hökmünde ykrar edildi. Tukanlar maşgalasynyň kiçijik wekili ýaşaýan ýeriniň giňdigine garamazdan, sany azalýan guşlaryň hataryna girýär. Bu guşlar Perudaky Tambopata milli goraghanasynda ýörite idedilýär.