
Neşir edilen: 31.07.2026
Turaç guşy
Dünýäde towuk şekilliler toparynyň 250-den gowrak görnüşi bolup, Türkmenistanda olaryň 6 görnüşi duş gelýär. Şol toparyň sülgünler maşgalasyna degişli bolanynyň biri hem turaçdyr.
Turaç guşy beýleki guşlardan öz owadanlygy bilen tapawutlanyp, käkilikden sähelçe ulurakdyr. Ýetişen horazynyň reňki gara, bedeniniň aşagy tegelek ak tegmilli, çüňki gara, aýaklary gyzyl bolýar. Mäkiýany bolsa, öçügsi reňkli, kese gara zolakly, üstki tarapynda sarymtyl öwüşgini bolup, alkymy we bokurdagynyň ýokarsy ak bolýar. Turaçlar ýerde boýnuny öňe süýndürip ylgaýarlar. Turaçlaryň ganatlarynyň uzynlygy 148 — 180 millimetr, agramy bolsa, 400 — 550 grama barabardyr.
Bu guşlar Kiprde, Merkezi Aziýada, Gündogar Zakawkaziýada we Demirgazyk Hindistanda köp ýaýran guşlardyr. Olar Merkezi Aziýada diňe Türkmenistanyň günorta-günbatarynda, Etrek we Sumbar jülgelerinde köp duş gelýärler.
Turaçlar oturymly guş bolup, suw ýataklarynyň golaýyndaky ýylgynlyk, böwürslenlik, ýandakly jeňňelliklerde, derýanyň gamyşlyk, ösgün otluk bilen gezekleşýän ýerlerinde we ekerançylygyň çetlerinde mekan tutýarlar. Bu guşlaryň jübütligi durnukly bolup, horazlary diňe bir mäkiýan bilen jübütleşip, olar köpeliş döwründen başga wagtlar hem bile ýaşaýarlar. Mart-awgust aralygynda käbirleri iki gezek köpelýärler.
Olar güýz we gyş aýlary süri bolup gezip, ýapraklar, ter baldaklar, şireli miweler, tohumlar, dänelileriň tohumlary, murtly çekirtgeler, ýasmyklar, jyk-jyklar, garynjalar, gurçuklar, suwulganlar, balykgulaklar bilen iýmitlenýärler.
Turaçlar örän seýrek görnüş bolup, Hazar we Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanalarynyň guşlarynyň iň täsin we owadan wekilleriniň biri hasaplanýarlar.