«Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly eko-çärämize gatnaşyň! • «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergisinde «Ýaş tebigatçynyň» stendi uly gyzyklanma döredýär • “Kids Expo” sergisinde “Ýaş tebigatçy” bilen ekologiýa älemine syýahat ediň!
Yza
Anýutanyň gözi

Neşir edilen: 05.04.2026

Anýutanyň gözi

Dünýäde täsin gülleriň ençemesi bar. Olaryň gül ýapraklaryndaky üýtgeşik şekiller nämedir bir zada meňzedilýär. Şeýle gülleriň biri-de ylmy ady witrokka bolan güldür. Ol dünýäniň ençeme ýurtlarynda ösýär. Ýöne bu gülüň görnüşleri Russiýanyň köp ýerlerine ýaýrandyr. Fialka güller maşgalasyna degişli bolan bu güle gül ýapragyndaky tegmillere görä «Anýutanyň gözi» hem diýilýär. Otjumak ösümlik bolan bu gül ir baharda gülleýär. Onuň sary, melewşe, gyzyl reňklileri duş gelýär.

Bu adyň döreýşi barada rowaýatlar saklanyp galypdyr. Olarda Anýuta atly gyzyň başa barmadyk söýgüsi barada gürrüň edilýär: gyzyň aşygyna garaşyp duran ýerinde şol gök reňkli gül ösüpmişin.