
📢GENERAL26.06.2026
Maşgalaňyz bilen peýdaly dynç alyň: Sizi Aşgabatda geçiriljek eko-festiwala çagyrýarys!
Paýtagtymyzyň hormatly ýaşaýjylary hem-de myhmanlary!
Sizi guramamyz tarapyndan geçiriljek ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan “Bilelikde ýaşyl geljege!” atly eko-festiwalymyza uly hormat bilen çagyrýarys.
Çärämiz 2026-njy ýylyň 4-nji iýulynda sagat 16:00 – 19:00 aralygynda geçiriler.

Baýramçylyk meýdançasynda size janly aýdym-sazlar, çagalar we ulular üçin gyzykly eko-oýunlar, STEM okuw meýdançalary, şeýle hem çeperçilik boýunça ýörite ussatlyk sapaklary garaşýar.
Tebigata aýawly çemeleşmäge we daşky gurşawy goramaga goşant goşmak maksady bilen, ýanyňyz bilen bir sany plastik çüýşe ýa-da ulanmaýan, beýlekiler bilen çalşyp biljek köne egin-eşikleriňizi getirmegiňizi haýyş edýäris.
Çäräniň işjeň gatnaşyjylaryna guramamyz hem-de çäräniň hemaýatkärleri tarapyndan taýýarlanan ýörite gowşurylar.
Geçiljek ýeri: “Aşgabat” söwda-dynç alyş merkezi, blok “C”, 1-nji gat, “Bilelik Hub” döredijilik merkezi.
Habarlaşmak üçin tel.: +(993 64) 26-84-32
TikTok: @a.tebigatchy.jg
Instagram: yashtebigatchy
Eko-festiwal wagtyňyzy maşgalaňyz bilen gyzykly geçirmegiňiz üçin ajaýyp mümkinçilik bolar! Geliň, tebigatymyzy bilelikde goralyň! “Eko-festde” görşeris!